ý Organiki we fizkolloid himiýa dersinden WETERINAR LUKMANÇYLYGY hünäriniň nji toparçasynda açyk umumy sapagy Mugallym: Maşaripowa N.A
11-nji tema ELEKTROLITIKI DISSOSIASIÝA. INDIKATORLAR. PH-Y KOLORIMETRIKI USUL BILEN KESGITLEMEK (2 sagat) Umumy okuwyň meýilnamasy: 1. Elektrolitiki dissosiasiýa taglymaty. Elektrolitler. Güýçli elektrolit erginleri üçin Debaý we Hýukkel nazariýeti. 2. Elektrolit ergindäki ion deňagramlylyk. Suwuň dissosiasiýasy. 3.Gidroliz. Ereýjilik köpeltmek hasyly. 4. Bufer erginleri. 5.Indikatorlar. pH-y kolorimetriki usul bilen kesgitlemek
Käbir erginlerde kolligatiw häsiýetleriniň esasynda ölçenen konsentrasiýa erginiň hasaplanan bahasyndan tapawutlanýandygy tejribeleriň üsti bilen takyklandy. Bu maddalar üçin aşakdaky deňlik berjaý edilýär: Bu ýerde i – Want-Goffyň izotoniki koeffisienti. Izotoniki koeffisientiň fiziki manysy şeýle düşündirilýär: 1. Elektrolitiki dissosiasiýa taglymaty
i koeffisientiniň bahasyna görä erginde dissosiasiýa ýa-da assosiasiýa hadysasynyň geçýändigini aýtmak bolar. 1. i < 1 - haçanda erän maddanyň molekulalary eredijiniň molekulalaryna garanda özaralarynda has gowy täsirleşende assosiasiýa hadysasy geçýär. Meselem, uksus kislotasy; 2. Elektrolit däl maddalaryň erginleri üçin i 1, molekulalary dissosilenmeýär we az kem assosirlenýär.
3. i > 1 bolsa erän maddanyň dissosiasiýasy bolýar. S.Arreniusyň nji ýyllarda işläp düzen elektrolitiki nazariýetine laýyklykda şeýle erginlerde erän maddanyň öz- özünden has ownuk zarýadly bölejiklere – ionlara dargaýar.
Erginde molekulalaryň ionlara dargamak hadysasyna elektrolitiki dissosiasiýa diýilýär. Erginde ionlara dargaýan maddalara elektrolitler diýilýär. Elektrolitler bir molekuladan iki ion emele getirýän NaCl, CuSO4; üç ion emele gelýär – ternar elektrolitler BaCl2, Na2SO 4, dört ion – kwarternar elektrolitler NaH2PO4, AlCl 3
Dissosiasiýanyň doly geçýändigini bahalandyrmak üçin elektrolitiki dissosiasiýa nazariýetine görä dissosiasiýa derejesi α diýen düşünje girizilýär. Ol ionlara dargan molekulalarynyň sanynyň n umumy molekulalarynyň sanyna N bolan gatnaşygyna deňdir: (2.45) Elektrolitler güýçli (α 0.7) orta güýçli (0.03 < α < 0.7) gowşak (α 0.03)
Dissosiasiýa derejesiniň bahasy eredijiniň we erän maddanyň tebigatyna, konsentrasiýasyna we temperatura baglydyr. Dissosiasiýa derjesiniň elektrolitiň konsentrasiýasyna baglylygyny düşündirmek üçin deňagramlylyk konstantasy ulanylýar. Meselem, bir esasly kislota üçin dissosiasiýa deňagramlygyny şeýle ýazmak bolar: HA H + + A - Deňlemäniň deňagramlylyk konstantasy şeýle: (2.46) Güýçli elektrolitler üçin K > 10 -2, orta güýçli elektrolitler üçin > K > 10 -2, gowşak elektrolitler üçin K <
2. Elektrolit ergindäki ion deňagramlylyk. Suwuň dissosiasiýasy
1.pH=7 bolanda H + we OH - ionlarynyň mukdary deňdir, bu erginlere bitarap erginler, 2.pH<7 turşy gurşaw 3.pH>7 aşgar gurşaw diýilýär. Diýmek, pH-ň bahalary birden az we 14-den köp bolup bilýär, ýagny bu örän turşy we örän aşgar gurşawdyr. Bitaraplyk nokady temperaturanyň üýtgemegi bilen üýtgeýär, sebäbi K suw bahasy üýtgeýär. Meselem, C we K suw1* we bitarap gurşawda pH=6. Gurşawyň pH-ň bahasy biologiki hadysalaryň geçişine ep- esli täsir edýär. Köp reaksiýalar üçin olaryň geçmegi üçin belli pH- ň bahalary bardyr. pH-ň bahasynyň çalarak üýtgemegi organizmiň ölmegine getirýär. Köp fermentler pH-ň bahalarynyň örän kiçi çäklerinde täsir edýär.
3. Gidroliz. Ereýjilik köpeltmek hasyly
4. Bufer erginleri
Adam ganynyň pH-y aralygynda bolýar. Ganyň pH-ň bahasyny üýtgemezlikde gidrokarbonat bufer sistemasy ähmiýeti uludyr, diýmek ganyň pH onda kömür we natriý gidrokarbonatynyň bolmagy bilen şertlendirilýär.
5. Indikatorlar. pH-y kolorimetriki usul bilen kesgitlemek
Deňlemeden görnüşi ýaly, indikatorlaryň görnüşleriniň konsentrasiýalarynyň gatnaşygy, ýagny erginiň reňki gurşawyň pH-na baglydyr. pH bahasy 10-dan 0.1 çenli üýtgeýär. Indikator erginleriniň reňkleri üýtgeýän erginiň pH-ň bahasynyň çäklerine geçiş çäkleri diýilýär. Ol şuňa deňdir: pH = pK ± 1 (2.61) Ikireňkli indikatora mysal hökmünde metilmämişi indikatoryny alyp bileris. Onuň indikator häsiýetleri benzoid we hinoid görnüşleriniň tautomeriýasy bilen şertlendirilýär: sary görnüşi gyzyl görnüşi (bitarap ýa-da aşgar gurşaw) (turşy gurşaw) Metilmämişiniň pK-ň bahasy 3.4 deňdir we onuň turşy erginleri gyzyl reňkli, aşgar erginleri sary reňkli bolýar. pH = aralygynda indikatoryň reňki mämişidir.
Birreňkli indikatorlaryň arasynda fenolftalein has köp ulanylýar. Fenolftaleiniň indikator häsiýetleri hem gurşawyň pH-y üýtgände molekulada bolup geçýän gurluş üýtgeşmeleri bilen düşündirilýär. Bu indikatoryň erginindäki tautomer deňagramlygy şeýle görkezmek bolar: reňksiz görnüşi reňkli görnüşi Suwdaky fenolftaleiniň pK ululygy 9.7, şonuň üçin molekulanyň gurluşyndaky üýtgeşmeler erginiň pH-na bahalaryna görä bolýar. Eger-de erginiň pH-y 8.7-den kiçi bolsa, onda indikator reňksiz, pH pK-a görä uly bolsa indikator reňkli görnüşde bolýar. Gurşawyň turşulygyna laýyklykda indikatoryň reňkiniň üýtgemegi esasynda pH kolorimetriki usul bilen kesgitlenilýär.
Soraglar: 1.Elektrolitleriň binarlygy nähili düşündirilýär? Mysallary getiriň. 2.Güýçli elektrolitler taglymaty näme? 3.Debaý-Hýukkel nazariýeti nänili erginler üçin ulanylýar? C temperaturada bitarap gurşawyň pH-y näçe deň? Munuň sebäbini düşündiriň. 5.EKH-ň bahasyna görä çökündiniň ereýjiligi barada näme aýtmak mümkin? 6.Nähili erginlere bufer erginler diýilýär we onuň ähmiýeti nämeden ybarat? 7.Indikatoryň reňkiniň üýtgemegi nähili düşündirilýär? 8.Kolorimetriýa usuly näme?
EDEBIÝATLAR 1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Garaşsyzlyga guwanmak, Watany we halky söymek bagtdyr. Aşgabat, Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri. Aşgabat, Türkmenistany durmuş-ykdysady ösüşiniň njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy. A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy Gurbanow D., Hekimow Ý.G., Geldinyýazow M., Gadamow D.G. Organiki himiýadan tejribe işleri. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Ельцов С. В., Водолазкая Н. А. Физическая и коллоидная химия. Элек-тронное учебное пособие. – Харьков.: Харьковский национальный университет имени В. Н. Каразина, 2005.– 240 с. 6.Niýazmetow M., Maşaripowa N. Organiki we fizkolloid himiýa. TOHI. Daşoguz